Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÇYKDYM GÜLLER


Çykdym güller seýran edip,

Görmeýen bikarar oldum,

Mejnunymy men ýat edip,

Dagdan-daga garar oldum.


Çykdym ýarymny yzlaýyp,

Ýanyp-tutaşyp, sözleýip,

Belent daglary gözleýip,

Sepil olup, barar oldum.


Çykdym güller höwes edip,

Gyzlar bile talwas edip,

Dag-daşlary dost edip,

Ýyglap elden sorar oldum.


Çykdym baga gezer edip,

Ýarym gelse güzer edip.

Dowam ýyglaram zar edip,

Gül idim, göýä har oldum.


Ýa özgäni ýar tutdymy?

Bizden köňül sowatdymy?

Leýli gyzy unutdymy?

Köp pikire duçar oldum.