Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

ÝOLDAŞ BOLALY


Gara dagym, munça perýat edersen,

Bize diýgil syryň, syrdaş bolaly,

Bir gülüň yşkyndan sen dat edersen,

Ahwalyň bize diý, syrdaş bolaly.


Bir gara desterdir başa sardygyň,

Başdan-aýak ýasa batyp durdugyň,

Kaýsy bir dilberdir köňül berdigiň?

Gel bäri bu ýola, ýoldaş bolaly.


Daglary gezermiş hemişe aşyk,

Men dek hemdem barmy saňa muwapyk? .

Eger sen hem bolsaň aşyky-sadyk,

Gel ikimiz derde dertdeş  bolaly.


Ygtyýaryn gidip, sen mest bolupsen,

Bir dilber köýünde wabest bolupsen,

Yşkyň şerabyndan sermest bolupsen,

Gel, bada içeli, serhoş bolaly!


Mejnun, köp ýyglady, daglara çykyp,

Sil kibi ganly ýaş gözünden akyp,

Dag seda kylmady, köp durdy bakyp,

Gel, indi bu dagdan biz daş bolaly...