Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GELMEZ  LEÝLI


Halypam berdi bir habar,

Gelmez Leýli — Mejnun diýip,

Janyma saldy çoh derdi,

Gelmez Leýli — Mejnun  diýip.


Ýar ýoluna düşdi perde,

Oglan başym  galdy derde,

Karar etmen  men  bu ýerde,

Gelmez Leýli — Mejnun diýip.


Ýol başynda saklap durardy,

Mejnunyň halyn sorardy,

Gaýgydan ýüzüm saraldy,

Gelmez Leýli — Mejnun diýip.


Kaýs diýer ilden-ile,

Rakypdanam edip gile,

Mejnun bolup,çyksam çöle,

Gelmez Leýli — Mejnun diýip.