Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KIM BILER?


Pelek bize saldy jebri-jepany,

Sen bilmeseň, meniň halym kim  biler?

Şum rakyplar  kylar tagny-tefany,

Sen bilmeseň, meniň halym kim biler?


Mejnunam  muştakam, ýaranlar, ýandym,

Yşkyň şerabyndan datmaýan gandym,

Atamdan, enemden, ilimden dändim,

Sen bilmeseň, meniň halym kim  biler?


Öten günüň hiç bir günçe görmedim,

Özge bagyň alma-naryn tirmedim,

Mejnundan gaýryga köňül bermedim,

Sen bilmeseň, meniň halym kim biler?


Şum rakyplar maksadyna ýetmemiş,

Gülüň degresini zaglar tutmamyş,

Mejnunymyň ady dilden gitmemiş,

Sen bilmeseň, meniň halym kim biler?


Ertir agşam Mejnun sözün sözlärem,

Tä  kyýamat  Mejnunymny yzlaram,

Leýli diýr tä jan bar ýarym gözlärem,

Sen bilmeseň, meniň, halym kim biler?