Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NÄZ EDER


Uky ermesdir meger, şirin zybanym näz eder,

Gözleri jan algujy, gaşy kemanym näz eder,


Rehim kyldym men garyp biçäräniň ahwalyga,

Ýüregi daşdan gaty nämähribanym näz eder...


Niçe ýyldyr aýralyk saldy pelek bu janyma,

Bu elemler barç asy, ol dilrubanym näz eder.


Ýüzi kaddy boýlaryň diýsem, tükenmez sözlerim,

Hem ýene nerkez gözi, gaşy kemanym näz eder.


Ah, kim aram ýokdur, görmesem bir dem maňa,

Her säherler ýyglaram, men ol muýanym näz eder.


Zahym kyldy bu teni-urýanymny näwükleriň,

Rehmi ýok kim bilgesiz, ol ki destanym näz eder.


Niçe ýyl arzuw çekip bolganda didaryň nesip,

Çün nesip olgan maňa piste dahanym näe eder.


Aferin kyldy bu älem, yşky-etwaryň görüp,

Aşyk ähli hup bilerler, jana-janym näz eder.


Jan berip Leýli saňa bu kaddy-ruhsaryň görüp,

Bil şehit etmen meni näzik mezajym näe eder.