Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NEÝLÄÝIN!


Mejnunym sen bolsaň, eşit zarymny,

Leýlim bu jahandan geçdi, neileýin!

Imdi hasap etmäň jogy-barymnyň,

Öýde şam çyragym öçdi, neýläýin!


Gije-gündiz ýyglap, gözde ýaş erdi,

Her niçik dirlikde köňlüm hoş erdi,

Elimde saýraýn toty guş erdi,

Ol guşum golumdan uçdy, neýläýin!


Indi görmek olmaz onuň boýuny,

Lahat at goýdular baran öýüni,

Saňa aýtmak üçin anyň soýuny,

Huşum  gidip, aklym çaşdy, neýläýin!


Mejnun bolsaň, göz aç başyňny göter,

Leýliniň oduny eýleme beter!

Köp  köýdürme meni, köýgenim ýeter,

Öýümden kerwenim göçdi, neýlänin!


Ne ýowuz habardyr sözümiz biziň,

Mejnunga ogşatdym şekliňiz siziň,

Garyp enesiýem  men Leýli gyzyň,

Garyplygym hetden aşdy,neýläýin!