Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

HABARLAŞALYŇ


Gara gözli; ak jerenler!

Duruňlar, habarlaşalyň.

Sähra güllerin tirenler,

Duruňlar, habarlaşalyň.


Çoh gezer siz gäle-gäle,

Goşulmaz siz halka-ile,

Biz Leýliden kylyp gile,

Duruňlar, habarlaşalyň.


Ýyglaram, size zar edip,

Gaçmaňyz, bizden ar edip,

Mejnun garyby ýar edip,

Duruňlar,habarlaşalyň,


Düşüp sergezdan düzüne,

Gözüň, meňzär ýar gözüne,

Mejnunam arap gyzyna,

Duruňlar, habarlaşaly.


Men çöllerde tikip hergah,

Eýlerem ança nala-ah,

Mejnuny eýläňiz hemrah,

Duruňlar, habarlaşalyň.