www
Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

PEÝMANYŇ


Ýetir bu salamym biwepa ýara,

Hany biziň bilen ähdi-peýmanyň?

Hiç rehmiň gelmeýip, Mejnuny-zara,

Hany biziň bile ähdi-peýmanyň?


Bir täze ot saldyň Mejnun janyma,

Ahyr galdyň bu garypnyň ganyna,

Taňla arz edermen magşar hanyna,

Hany biziň bilen ähdi-peýmanyň?


Gyzyl gül açylyp, bu gün solandyr,

Bildim,ýarym, ykraryň hem ýalandyr,

Gara gözlim, nirde köňlüň galandyr?

Hany biziň bilen  ähdi-peýmanyň?


Bu ne işdir Mejnun diri ýörende,

Şerm etmezmiň deň-duşuňy göreňde,

Agzymdan ot çykar, her ah uramda,

Hany biziň bilen  ähdi-peýmanyň?


Mejnunam eýlerem  allaga zary,

Sen bilersen halym ýa biribary!

Leýlim unutmyşdyr, geldi habary,

Hany bizin, bilen ähdwt peýmanyň?