Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TIRKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
BARA  BILMEDIM GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

MARAL GELDI


Boz dumanly daglar aşyp,

Ahu gözli maral geldi.

Yşkyň söwdasyna düşüp,

Ahu gözli maral geldi.


Tutar her kes öz däbini,

 Awçylar awlar awuny,

Başda gelen serdaryny,

Tutgul, awçy maral geldi,


Awçylar awlar dagynda,

Bally-şeker dodagynda,

Günüň günorta çagynda,

Gözel awçy, maral geldi,


Senem bilen Akja gelin,

Dilin, ýürejigim, dilin!

Şitde guşap inçe bilin,

Senem awçy, maral geldi.


Ballary bar leblerinde,

Seni gören galar derde,

Dal dolanyp duran ýerde,

Senem awçy, maral geldi.


Egnine geýipdir  ala,

Biri gülgün, biri läle,

Ak gollaryn sala-sala,

Senem awçy, maral geldi.


Gadamlary göz üstüne,

Gurbanam çeşmi — mestine,

Mürewwet eýläp dostuna,

Senem  awçy, maral geldi.


Garyp aşyk diýmez ýalan,

Ömrümize düşdi talaň,

Serwi agajyna dolan,

Senem awçy, maral geldi.