Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TERKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI  GELMEDI


Akja, saňa syrry-halym dieýin,

Ýaryň güli geldi, özi gelmedi. ,

Başymdan geçenin beýan eýläýin,

Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.


Syýa  zülpüm para-para bolupdyr,

Til-til bolup, dara-dara bolupdyr,

Sebäp nedir, bagtym gara bolupdyr,

Ýaryň güli geldi, özi,gelmedi.


Meniň ýarym Hasan wezir ogludyr,

Muhupbeti  bir  ykrara  baglydyr,

Atamyň elinden  synam  daglydyr,

Ýaryn, güli geldi, özi gelmedi.


Gahba pelek meni kyldy bigana,

Özi gelmeý, güli geldi gaýbana,

Meniň üçin  ýetim bolmuş bagbana,

Ýaryň gülý geldi, özi gelmedi.


Şasenem gyz diýrler meniň adyma,

Bir ah ursam, älem ýanar oduma,

Ýaratgan  züljelal,  ýetiş dadyma,

Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.