Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TIRKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
GELEMEN GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

AL  SENEM!


Maňa beýle ýowuz töhmet kylynça,

Kylyr bolsaň, belli, töhmet kyl, Senem!

Günde ýüz söz diýip, janym alynçaň,

Alyr bolsaň, belli, janym al, Senem!


Günde müň ýol dönderip sen ýüzüňi,

Her hyýala, her ýan taşlap özüňi,

Maňa diýgil  bu gün dogry sözüňi,

Bolar bolsaň, meniň bile bol, Senem.


Sen gider sen günde ýüz müň gümana,

Meni kowmak üçin eýläp bahana,

Gider boldum bu gün Halap-Şyrwana,

Galyr bolsaň, gaýry bile gal, Senem.


Garyp aşyk sözün diýdi bir para,

Köňül geçdi günde saňa ýalbara,

Ýusup kimin özüm saldym bazara,

Hyrydar sen, meni satyn al, Senem!