Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TERKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

SAPA  GELIP  SEN


Başyňa döneýin, gül ýüzli ýarym,

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen,

Saňa gurban bolsun bu şirin janym,

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen.


Kişi beýle gahr edermi dostuna?

Göz dikip sen jan almagyň kastyna,

Goýgul gadamlaryň didäm üstüne,

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen.


Näler galdym seniň ahy-zaryňa,

Perwaz edip ýete bilmen ýanyňa,

Jan paýandaz olsun haky-paýyňa,

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen.


Aşyk bolan biler magşuk näzini,

Götermezmi herne diýen sözüni,

Onuň üçin ynjydarmy özüni?

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen.


Şasenem diýr, sizge pidadyr başym,

Pyrakyňda akar gözümden ýaşym,

Hem bu dünýä, hem ahyret  ýoldaşym,

Hoş geldiň, Garybym, sapa gelip sen.