Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

AGLARYN BIR PERI HAL LEÝLI TEŞNIT
AL  SENEM! DERDIŇDEN MARAL GELDI TOMOGULY
AÇYLMAZMY? EGLENME MELUL OLUR SEN? TIRKEME
BAGA SEÝLE EÝLEDI MEŇZÄR TÜNI  DERÝA
BAGBAN EDEÝIN GALMADY NE BAG DUÝDY, NE BAGBANYŇ ILLERINE
BARA  BILMEDIM GARA GÖZLERIŇ NE BOLDY? ÝANDYM
BARA  BILMEDIM GARYBYM NEÝLÄÝIN? ÝARYŇ GÜLI GELDI, ÖZI GELMEDI
BEGLER GALMADY KAÝDA  BARAR  SEN? ÝARYM  GELMEDI?
BOLARMY? GEDASYDYR ONDA ÝAR AGLAR ÝANDYRMA BEÝLE
BILE BILMEDIM GELER  SALLANA SARYÝA ÝERLERE
BILMEDIM GETIR SAPA  GELIP  SEN Ýoluma
BILMEGINÇÄ GÜZER EÝLEME SENEMIŇ ÝOK MENIŇ
BIÇÄRE JANLARYM SOWRALDY YNJYTMA

TEŞNIT


Bir apytap talgaty, husny mesyhym,

Bir şirin tilliniň dagy men, dagy,

Lebleriň şeker leb, sözi pesyhym,

Şol şirin zulalyň dagy men, dagy.


Jemalyň  subhydem, ýüzüňde nykap,

Götergil  ýüzüňden  perdeýi-hyjap,

Äleme bark urar  misli  apytap,

Senem gyz atlynyň dagy men, dagy.


Çemeni seýr eder husny-murguzar,

Ýüz elwan sypatly turpa nowbahar,

Ne hallar, ,ne hatlar, nagyşly nigär,

Tawus misilliniň dagy meň dagy.


Geler bir gün döwran, gelmezden galmaz,

Ne boldy, ykbalym çyragy ýanmaz,

Gara bagtym ukusyndan oýanmaz,

Bagt  köwkebiniň dagy men, dagy.


Lebleriniň gandy talh urar ganda,

Takatym galmady jigerde, tende,

Garyp aşyk size gul bolsa, bende,

Men Senem atlynyň dagy men, dagy.