SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIA

BI..., «Syz-siz» goşulmalarynyň funktsiýasynda gelýän pristawka.


BIABRAÝ [bia:braý], Abraýy gaçan, abraýsyz, wejera, masgara. Bize sizi taryplap, arşa çykarandyrys welin, biabraý edäýmeweriň! («Tokmak» žurnaly). Abraý almak üçin biabraý boldum-la men! (B. Kerbabaew, Aýlar).


BIABRAÝLYK [bia:braýlyk], Abraýdan düşmeklik, abraýsyzlyk, masgaralyk.

Dogrudan-da ol Firiduny uly biabraýlykdan gutarypdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Eger-de köp saklasaňyz, size biabraýlyk geler (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BIABRAIÇYLYK [bnagbraýçylyk], ser. B i a b r a ý l y k.

Uly biabraýçylygyň üstünden baraýjak ýaly ýaýdanýarlar («Kolhoz günleri»).


BIAGYRY [bia.tyry], Hiç zat dogrusynda aladalanmaýan, hiç zadyň gamyny çekmeýän, geleňsiz, aladasyz. Biagyry adam.


BIAGYRYLYK [bia:gyrylyk], Hiç zat dogrusynda alada, ünji etmezlik, biagyry bolmaklyk, geleňsizlik, aladasyzlyk.

Bu biagyrylygyň üçin hemmämiziň saňa käýemäge hakymyz bar («Kolhoz günleri»). Bu ýyl pagtanyň sortuna has köp üns berýäris, işde biagyrylyga asla ýol beremzok («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


BIAGYRYÇYLYK [biatyryçylyk], ser. B i a g y r y l y k.


BIAJAL [bi:ajal], Ajaly ýetmän, ajalsyz.

Her haýsyň bir ýerde beýhuda gezmäň, Biajal ölmenem, umydy üzmäň! («Görogly» eposy).


BIALAÇ [bi:ala:ç], Alajy bolman, alaçsyz, çäresiz, çykgynsyz, nälaç. Ýaraman, bialaç bolan wagtynda, ol sud etmegi özüniň prikazçigine tabşyrypdyr (SSSR taryhy). Ol bialaç yzyna öwrüldi.


BIALAÇLYK [bi:ala:çlyk], Alaçsyzlyk, çäresizlik, nälaçlyk.

Täze boýarlar bolsa bialaçlykdan beýik knýaza boýun egipdirler (SSSR taryhy).


BIARMAN [bi:arma:n], Maksady ýerine ýeten, eden arzuwy ýerine gowşan, armansyz. Çapym-çapym etsek ol gara mary, Ýaş ýüregim bolar biarman, atam (Çary Aşyr, Poemalar). Goý, bu ýigit biarman bolmasyn! («Görogly» eposy).