SÖZLÜG ; B- HARPY;
BID

BIDEREK [bi:derek], 1. Hiç zada ýaramaýan, dereksiz, netijesiz, peýdasyz, boş.

Biderek ýere pul sarp edesim gelenok diýipdir (Myraly). Lýubanyň: — Ussa, gitme— diýip gygyrmagy-da biderek boldy (B. Pürliew, Ilkinji gün). Bir okuň-a biderek gidendir, jigim (J. Akyew, Mergeniň ogly).

2. Ugursyz, bolgusyz. Asyl hiç kim bilen arasy saz däl, Hemişe görünýär biderek erde (K.Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi). Biderek zat üçin tutup dawany, Maňa garşy öjükdirýär obany («Sowet. edebiýaty» žurnaly). Ýok, ýok, biderek gürrüň, ygtyýar agada bolsa, munuň ganyny içer (M. Ibrahimow, Ol gün. geler).

3. Sebäpsiz, nähak. Haçly ýörüşler diňe köp adamlaryň biderek heläk bolup ölmegine yeltipdir (Orta asyrlar taryhy).


BIDIN [bi:di:n] I, Dine, hudaýa ynanmaýan, dinsiz.


BIDIN [bi:di:n] II, Ygtyýarsyz, rugsatsyz, maslahatsyz, dinsiz.

Begleriň maslahatyndan bidin korolь möhüm kararlaryň birini-de kabul etmändir (Orta asyrlar taryhy). Ýöne weli, unutma: — Bizden bidin iş etmeli däl! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BIDINLIK [bi:di:nlik] I, Dine ynanmazlyk, dinsizlik.


BIDINLIK [bi:di:nlik] II, Rugsat alman, geňeşmän bir işe baş goşmazlyk, maslahatsyzlyk.

Bidinlik gowy däl.


BIDON, Suwuklyk guýulýan bokurdakly süýri demir gap. Süýt, ýag guýulýan bidon.


BIDÖWLET [bi:döwlet], 1. Döwletsiz, malsyz. Bir eleşan bidöwlet orta çykýar (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany). Ýöne gezip ýören bir bidöwlet bolmasa ýagşy («Görogly» eposy).

2. Ogul-gyz-syz zürýatsyz.

3. Käýinji aňladýan söz. Peheý, bidöwlet! ýerini ýakandyr-ow?! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ädigimiň işini gördi bidöwlet! — diýip, ol misgäre käýindi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BIDÜZGÜN [bi:düzgün], 1, Edep-tertipsiz, düzgünsiz, garagol. Bidüzgün oglan.

2. Serenjam berilmedik, tertibe salynmadyk. Bidüzgün zatlar düzgüne salynýar. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BIDÜZGÜNLIK [bi:düzgünlik], 1. Edepsizlik, tertipsizlik, düzgünsizlik, garagolluk.

Bolýan bidüzgünlikleri ýok etmek.

2. Serenjam berilmezlik, tertibe salynmazlyk.


BIDÜZGÜNÇILIK [bi:düzgünçilik], ser. B i d ü z g ü n l i k.


BIDÄNE [bi:däne], 1. Dänesi bolmaýan, dänesiz.

2. Üzümiň dänesiz bir sorty.

Bidäne, gara üzüm, gelin-barmagy, Agram berip egýär, olar baldagy («Sowet ede-biýaty» žurnaly).