SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIZ

BIZ I, 1. Birinji ýönkemäniň köplügini aňladýan at çalyşmasy.

Biz biri-birimiz bilen sözleşýäris we pikir alyşýarys. Biz gaýtjak bolup durkak, howanyň bulaşjakdygyny aňdyk (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Awtor ýa gepleýän adam tarapyndan okyjylara, diňleýjilere ýüzlenilende «men» manysynda ulanylýan söz. Gözel ýarym, bizi goýma armana (Mollamurt. Saýlanan eserler).


BIZ [bi:z] II, Ak reňkli irimçik nah mata. Onuň gursagyndan akan gan donuny, baz köýnegini gana bulapdyr-da gatapdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kapasada top-top bizi, Asylgydyr Hywa dony (Çary Aşyr, Poemalar). Ol tomsuna agar çäkmen, gyşyna bolsa pagtaly don geýerda, biline ak biz guşak guşanardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BIZ [bi:z] III, Köwüş, ädik tikilende deşik deşmek üçin ulanylýan saplyja, ýiti uçly esbap, gural.

Ussanyň inçeli-ýogynly bir näçe bizi bardy.


BIZAR [bi:za:r], Halys ýadan, irgin, iren.

Men suwa düşmekden bizar-la, men suwsuz ölüp barýan! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ondan. halk ötsem-ä bizardy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biz uruşdan bizar (B. Pürliew, Ilkinji gün).

<>Bizar bolmak — bir zatdan ýa-da birinden irmek, halys ýadamak. Men olardan bizar bolan hem bolsam, dogrusyny aýtmagyň aýby ýok («Görogly» eposy).


BIZAR-PETEŇ [bi:za:r-peten]: bizar peteň etmek — bütinleýin irizmek, halys ýadatmak, başyny alyp gitmäge kaýyl etmek.


BIZO'N. Demirgazyk Amerikada ýaşaýan uzyn hem ýumşak ýüňli ýabany öküz.