SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIT

BIT, Adamlarda, haýwanlarda bolýan, gallada, unda we ş.m. döreýän ownujak möjek — parazit. Adamda parazitçilik edýän bitiň howpy hem siňegiňkiden az däl (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa).


BITAGAŞYK [bi:tagaşyk], ser. Tagaşyksyz. Bitagaşyk adam. Bitagaşyk göwre.


BITAGAŞYKLYK [bi:tagaşyklyk], ser. T a g a ş y k s y z l y k.


BITAÝ [bi:ta:ý], Biri-birine deň däl, menzeş däl, taý gelmsýän, taýy ýok, taý däl. Bitaý ýük. Bitaý köwüş.


BITAÝLYK [bi:ta:ýlyk], Biri-birine meňzeş gelmezlik, deň dällik, taý gelmezlik.


BITAKAT [bi:ta:kat], Takady, sabry gaçan,  sabyrsyz, ynjalyksyz. Gyzjagazy operatsiýa edilmäge äkidilende bitakat balup galan Ogulýar eje perzendini öwrän-öwrän ogşapdy    («Sowet edebiýaty»    žurnaly).Bitakat bolmaly däl.


BITAKATLANMAK [bi:ta:katlanmak], Takady gaçmak, sabyrsyzlanmak, ynjalyksyzlanmak, tolgunmak.


BITAKATLYK [bi:ta:katlyk], Takady ýokluk, sabyrsyzlyk, ynjalyksyzlyk, tolgunmaklyk. Bitakatlyk sabyrly adama ýaraşmaz.


BITAP [bi:ta:p], Ýaraw däl, taby gaçan, tapsyz, kuwwatsyz, syrkaw.

Birden Öwez bitap bolup keselledi («Görogly» eposy).


BITAPLYK [bi:ta:plyk], Ýaraw dällik, taby gaçanlyk, tapsyzlyk, kuwwatsyzlyk, syrkawlyk.

Bitaplyk oňa işlemäge mümkinçilik bermeýär.


BITARAP [bi:tarap], 1. Hiç bir tarapa goşulmaýan. Marydan gelen ýaşulular, iki ýanyna-da bitarap görünmek niýeti bilen, Gotur söwdagäriňkide düşdüler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Hiç hili reaktsiýa bermeýän. Umuman, her bir himiki maddanyň atomy bitarapdyr. Egreldilýän jisimiň içinde dartylmaýan, gysylmaýan we bitarap diýilýän gatlak bolmalydyr («Fizika kursy»).


BITARAPLAŞMAK [bi:taraplaşmak]; Hiç bir tarapa goşulman, çetde durmak, çetleşmek.


BITARAPLYK [bi:taraplyk], 1. Hiç bir tarapa goşulman, çetde durmaklyk.

2. Hiç hili reaktsiýa be-mezlik.


BITGIN, Gowy biten, oňat ösüp ýetişen. Bitgin otlaryň arasynda gyrmyldaşýan suwulganlaryň sany-sajagy ýok (N. Jumaew, Ak derek). Onuň töweregindäki bitgin bugdaý derýa ýaly çaýkanýardy  (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Göwni    bitgin — ser. Göwün. Onuň göwni bitgindi.


BITGINLI, Boldumly, hasylly. Ekinleri hem ýerleri çalşyryp ekseň, gowy bitginli bolýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Şol ýyl, hakykatdan hem bitginli bolup, tümmüle duranda gyzyllapdy (B. Kerbabaew, Aýgьgtly ädim).


BITEWI, 1. Böleklere, aýry-aýry toparlara bölünmedik, dagynyk däl, tutuş. Görnukli rus alymlary agronomçylyk çäreleriniň bitewi sistemasyny düzdüler («SSSR-iň ykdysady geografiýasy»).

2. Döwülmedik, bitin.


BITEWILIK, 1. Aýry-aýry toparlara, böleklere bölünmedik, dagynyk dällik, tutuşlyk.

2. Döwülmän galanlyk, bitinlik.


BITERTIP [bi:terti:p], 1. Tertipsiz, düzgünsiz, bidüzgün. Bitertip çagalara terbiýe bermek işini has oňat guramak gerek.

2. Bulam-bujar, rejeli däl, garym-gatym. Jaýyň içindäki mebeller bitertip ýerleşdirilipdir.


BITERTIPLIK [bi:terti:plik], 1. Tertipsizilik, düzgünsizlik, bidüzgünlik.

2. Bulam-bujarlyk, garym-gatymlyk, rejeli dällik.


BITIN [biti:n], 1. Döwülmedik, abat. Bitin galan käse.

2. ýyrtylmadyk, deşilmedik, dagamadyk. Bitin geýim. Bitin aýakgap.

<> Bitin san — droba bölünmedik san.

Göwni bitin — göwni hoş, razy. Gullynyň mundan ozal göwni bitindi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Çöregi bitin — ser. Ç ö r e k. Herne çöregiň bitin eken — diýip gülümsiredi («Tokmak» žurnaly).


BITINLIK [biti:nlik], 1. Döwük-ýenjik dällik, abatlyk.

2. Ýyrtyk-ýirik dällik, deşilmedik.


BITIRILMEK, Ýerine ýetirilmek, berjaý edilmek, gutarylmak, tamamlanmak. Tabşyrylan iş wagtynda bitirildi. Ýumuş. bitirildi.


BITIRIŞMEK, Bir işi bitirmäge, ýerine ýetirmäge kömekleşmek, gutaryşmak, tamamlaşmak. Zerur

işi bitirişmek.


BITIRMEK, Bir işi soňuna çenli alyp barmak, ýerine ýetirmek, berjaý etmek, gutarmak, tamamlamak. Men seniň ýaly iş bitirmän gelmen (A. Durdyew, Saýlanan eserler)'. Deňiz portunyň kollektiwleri has köp iş bitirdiler («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BITIŞIK, Biri-biri bilen bitişip duran, biri-birine ýelmeşen, sepleşen, birleşen. Ol kostýumyň köýnegi bilen balagy bitişikdi, boýdan-başa hem ilikdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BITIŞMEK, 1. Biri-biri bilen utgaşmak, birleşmek, ýelmeşmek, sepleşmek. Gara gaşlar aýrylyşýar, bitişýär (R. Seýidow, Bagtlylar).

2. Gowulaşmak, gutulyşmak (ýara, döwük hakda). Ýara bitişipdir. Aýagynyň döwlen süňki bitişipdir.

3. Tamamlanyp başlamak, gutaryşmak. Işler hem bitişip barýar.


BITMEK, 1. Tamam bolmak, ýerine ýetmek, berjaý bolmak, gutarmak, dolmak. Gallaňlaryň uwlap, her ýana çaşar, Inda seniň işiň bitdi, Meňli han (Mollamurt, Saýlanan eserler). Ot ýatyrmagyň iň möhüm isleglerini düşündirip, olaryň kolhozdan bitmeli islegleri bloknotyna belleşdirip, olar bilen hoşlaşdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Gögermek, ösmek. Adamlar düzde bitýän ösümlikleriň süýümlerini örmäge geçipdirler (SSSR taryhy). Dnepr, Dnestr we Dunaý derýalarynyň kenarlarynda gamyş bol bitýär («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Oýnap ekseň, boýnap biter (nakyl).

3. Gutulmak, sagalmak. Ýara bitipdir. Döwlen injik bitipdir.

Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez (nakyl).

4. Çökündi ýa-da kesmek tutup, öni ýapylmak. Bu jüründigi bitmişden wagty bilen gezek ýetmez, ýör otly gelmänkä, ýoluň ol ýüzünden suw alyp geleli («Tokmak» žurnaly).

5. Boldumly, hasylly gögermek ösmek, hasylly bolmak. Ol kolhozyň gawuny gowy bitipdir.

* Aýak bitmek — ser. A ýa k. Abadan ýaňy aýak bitenje gyzjagazdy («Sowet edebi ýaty» žurnaly). Göwun bitmek—ser. Göwün. Täze dostdan göwni bitdi («Mydam taýýar» gazýeti).

Diýeniň bitmek—aýdanyň bolmak, diýeniň ýerine ýetmek.

Agaň ýanynda diýeniň bitýämi? («Görogly» eposy).

Dil bitmek — ser. Dil11.

Eşigi bitmek — ser. E ş i k. Umuman, onuň garny doýup, eşigi bitmedi (A. Towşudow, Powestler we hekaýalar).