SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIL

BIL [bi:l], 1. Göwräniň arka tarapynda gapyrganyn gutaran ýeriniň töweregi, guşak ýeri, guşaklyk.

Ol özüniň ak guşagyny biline guşanyp, daga awa gidýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Aýsoltan, bilinden aşagynyň gabalygy giň köýnegiň içinde mälim bolup duran bir gyz (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz (nakyl).

2. Uzyn zadyň ortasy, ortarasy. Ol pürsüň bilinden kesip, deň iki böldüler. Ol tut agajynyň bili örän ýogyndy.

<> B i l açylmak — aýbaşy bolmak, aýbaşy görmek.

Bil baglamak — birine ýa-da bir zada ynanmak, birine ýa bir zada arkaýyn bolmak, ynam etmek, daýanmak. Täleýe bil baglamak namardyň işidir (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Meniň bil baglara hiç kimim ýokdy («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

B i l bermek—1) orta bilinden egrelmek, ýaý bermek, egşermek. Jaýyň bil beren pürslerine aşakdan paýa urdu-lar:

2) güýçden galmak, ejizlemek, garramak.

Bil bükmek — güýçden gaçmak, halys bolmak. Ozalky daýhanylygyň agyr zähmeti bilimi bükdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

Bil bükülmek —güýçden galmak, tapdan düşmek, garramak, kuwwatsyzlanmak.

Şol wagt birden onuň gözüniň ötsünde telpek basyp, bili bükülen Sähet aga peýda boldy. (A. Gowşudow Mähri—Wepa).

Bil ýazmak — ýadawlyk zerarly gerinmek, dynç almak. Käte sen dynç alyp, biliň ýazaň-da, Syratyň, söýgülim, doly görünýär (A. Nyýazow, Şygyrlar).

Biziň epilen bilimizi ýazdy — diýip, Aýgül üýtgeşik bir begenç bilen gürrüň berdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Biliňi guşamak — gaýrata galmak, her bir işiň, zähmetiň garşysynda ykjam durmak. Seň ugruňda bilim guşadym gaýьm (N. Pomma, Saýlanan eserler).


BILBAG [bi:lba:g], Guşak, gaýyş, çeki.


BILBIL, zool. Özüniň hoş owazly saýraýşy bilen tapawutlanýan çal ýa-da sary reňkli saýrak guşjagaz.

Ak gülleriň arasynda, Bilbiller her ýana towsýar (Çary Aşyr, Poemalar). Gözel eje penjiräni açyp, gür baglygyň içinde saýraýan bilbilleriň owazyny diňleýärdi (B. Pürliew, Ilkinji gün).

* Bilbil ýaly saýramak — ýakymly gürrüň etmek, labyzly sözlemek, sakynman geplemek. Bilbil kimin saýraýan dilleriň bardyr (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


BILGEŞLEÝIN, Göre-bile, bilip, bilkastdan.

Men. şu gün kenaryň boýuny syryp, bilgeşleýin pyýada gaýtdym («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BILGIR, Her bir zada gowy düşünýän, her bir zady gowy bilýän, köp zatlary biliji, tiz duýujy, bilgiç.

Bir wagt ýatdan çykan hakykat yzyn yzarlap, bilgirler her ýan ýörýärdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Pähimli, paýhasly, bilgir adamy, Tutanýerli öňe atýar gadamy. (N. Pomma, Saýlanan eserler).


BILGIÇ, ser. Bilgir. Ejesi. bolsa ilki bada: — Gyzyma bir kesel ýolugypdyr — diýip, em-ýom etdi, soňabaka bolsa bilgiçlere gatnady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BILDIR, Öten ýyl, geçen ýyl. Bahanam «akja bäbek» — bildir bolsaň bolmadymy (nakyl).


BILDIRIŞ, Bir zat hakynda ýazuw ýa-da dil üsti bilen edilýän yglan, habar.

Bildirişler ozalky ýelmenmeýän ýerlerine-de ýabşyrylyp başlandy («Tokmak» žurnaly). Şu gün agşam ýygnak boljakdygy hakynda bildiriş asylyp goýlupdyr.


BILDIRMEK, 1. Bir zady mälim etmek, habar bermek, birine bir zat hakynda aýtmak.

Siz özüňiziň hatyňyzda I. P. Belkin hakynda habar almak islendigiňizi maňa bildirýärsiňiz (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Biz kinodan galmajagymyzy ejemize bildirdik.

2. Aňlatmak, duýdurmak. Her niçik-de bolsa, marşruta ugramaga onuň özi keýpihonluk bildirdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Köp nokat sözlemiň — aýdyljak pikiriň gutarylmandygyny bildirmek üçin goýulýar. 3. Yzy galmak, görnüp durmak, mälim, bolmak Onuň sag dulugynda peşehordanyň yzy bildirýärdi (A. Gowşudow, Eserler).

<> Minnetdarlyk bildirmek — ser. Minnetdarlyk. Kürt Ahmet minnetdarlyk bildirip, aganyň şol hormatynyň sebäbini pikirlenip başlady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Syr bildirmek — ser. S y r. Ol näme-de bolsa syr bildirmediksirän bolup, tarsa ýerinden turdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Y n a m bildirmek — ser. Y n a m. Düşüp dur ýadyma, ynam bildirip, Otrýadyň başlyklygyna saýlanyň (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi).


BILE, 1. ser. Bilen. Suw şarlap, ol daşly baýyrdan geçip, Kümüş çaýylan dek akýar ýap bile (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Oraz galam bile hat ýazýar

2. Birlikde, bilelikde, bileleşip. Rugsat ediň maňa bile gitmege! (Şekspir, Otello). Çarh başymda bile durup işleýär, Oglanyň atasy, gyzyň enesi (A. Nyýazow, Şygyrlar). Sähet daň bilen turup, öz adamlary bile ýola düşdi (A. Gowşudow, Eserler).


BILEW  Bir zady ýiteltmek ýa-da ýonup tekizlemek „üçin ulanylýan gural. Çäge daşyndan degirmen daşyny we bilew daşyny ýasaýarlar.


BILEZIK, 1. Aýallaryň bilegine dakynýan, tylla çayýlyp kümüşden ýasalan gaşly bezeg şaýy.

Bu keýwany aýallaryň bileklerinde gödensiz ýasalan gadymy bäşgoşma bilezik görünýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Goşarda tylladan bar bilezigi (A. S. Puşkin, Ertekiler). Bir gülli palas edşipdir, tumar gönjük, bilezik şaýy bar (A. Gowşudow, Eserler).

2. Çagarygyň daşyndaky tegelek agaç, gurşaw.


BILEK, Eliň tirsek bilen goşar aralygy.

Bilegim-de ýalpyldaýan bilezik, Söýgülimden galypdy meň ýadygar (B. Kerbabaew, Aýlar). Onuň bileginden çermelgi gujurly gollary maşyny örän çalt işledýärdi («Sowst Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Patişa derýanyň gyrasyna bir gazyk kakyp, oňa bir uzyn ýüp dakyp, bir ujuny bilegine baglap, derýa suwa düşüpdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan —müňüni (nakyl).


BILEKSE, Mal daňylýan ýüpüň ujundaky halka. Sygryň bileksesini ýazdyryp, süre goşup gel!


BILELEŞIK, Bilelikde bir işi alyp barmak ýa-da hereket etmek üçin döwletleriň, partiýalaryň, guramalaryň we ş. m. birleşen topary, blok.


BILELEŞIKÇI, Bileleşige gatnaşýan adam, topar.


BILELEŞMEK, Köpçülik bolup birigişmek, goşulyşmak.

Işçileriň belli bir mukdary bileleşip işläpdir (SSSR taryhy). Gijäniň boýy uzak. Ony bileleşip ederis (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BILELIK, Iki ýa köp bolup bir bolmaklyk, bile bolmaklyk, birlik, agzybirlik.

Biz bileligiň tarapdarydyrys.


BILEN, 1. Ugurdaşlygy görkezýän baglaýjy kömekçi.

Gaplaň bilen arslan agzyn ýaglady (Mollamurt, Saýlanan eserler). Eziz Tejen şäherine Allaýarhan bilen bile çozdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Öz öňündäki söz bilen birlikde bilelikdeligi, instrumentallygy, protsesiň geçişini we ş. m. görkezýän poslelog. Men şu gün ýoldaşym bilen muzeýe gidýärin. Indi pagtany maşyn bilen ýygýarlar. Basymyň ýeriniň üýtgemegi bilen sözleriň manysy hem üýtgäp biler.


BILENI-BITENI, Bar bilýän zady, elinden gelýän zady.

Onuň bar bileni-biteni bazara gatnamakdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BILET 1. Bir zatdan peýdalanmaklyga hukuk berýän dokument.

Kino bilet alyp, içine girdiler («Tokmak» žurnaly). Hoşgeldiniň otly bileti jübüsinde- (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Bir gurama, partiýa ýa-da wezipä bolan gatnaşygy, agzalygy tassyklaýan dokument.

Kolhozyň ustawyny bozup, partiýa , biletini elimden giderip biljek däl («Kolhoz günleri»). Raýkomyň sekretary kandidatlyk biletini maňa gowşuranda, özümi duýman sandyraýardym (R. Alyew, Sülgüniň hatlary).

3. Ekzamen alnanda, soragyň temalary ýazylan hat.

Ine bilet çekdi ýaýdanman Sona, Duran üç-dört sany okuwçy ýene (D. Baýmyradow, Söýgi ws mekirlik).


BILIK: biligi bar — işiň ýagdaýy barada habarly, maglumatly.

Bu işden meniň biligim bar — Diýip, Sähet ýüzüni molla Hoşla baka öwürdi. Bu ezýakanyň garakçylardan näme biliginiň bardygy hiç kime mälim bolman galdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BILIM, 1. Okuw, sowat.

Garaşýar ol ýerde saňa, Bilim berjek mugallymlar (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi) Emma onuň doly orta bilimi ýok («Sowet edebiýaty» žurnaly). Durma indi, gal ýeriňden, basym bol! Yhlas bilen oka öwren, bilim al! (B. Kerbabaew, Poemalar). Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi bolan — müňuni (nakyl).

2. Okamak netijesinde belli derejede alynýan ylym. Başlangyç bilim. Ýokary bilim. Orta bilim.


BILIMDAR [bilimda:r], ser. B i l i m l i. Mukaddes Watanyň bar bilimdary — Inžener, ýazyjy, şahyr hem doktor (A. Nyýazow, Şygyrlar). Bolduň meniň başyma okumyş, bilimdar! (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ýagdy öz ýanyndan özüni giň düşünjeli hem bilimdar hasaplaýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ysgyny gidip, halys bolup: — Indi bu beladan nähili. gutularkam? — diýip, bir bilimdar tilkiniň ýanyna maslahata barypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


BILIMDARLYK [bilimda:rlyk], 1. ser. Bilimlilik.

Hemşie meýdanda güni geçýän çöl adamlary odun ysyny alýarlar, yz yzlamakda ajaýyp bilimdarlyklaryny görkezýärler (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Nowaýy bilimdarlykdan däl-de, ylym barada öz kemçiliklerinden gep urýardy (Aýbek, Nowaýy).

2. Köp-bilmişlik etmeklik, köpbilmişlik. Ol özüni hondan bärsi tutup, bilimdarlyk satdy. Aşyr şoňa bakan elini uzadyp, özüni bilimdarlyga saldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BILIMLI, 1. Hatly-sowatly, bilim alan, bilimdar, bilimi bar, bilimi köp.

Meniň atam-enem bilimli adamlar däldi.

2. Okamak netijesinde belli derejede ylym alan. Orta bilimli bolman, ýokary mekdebe geçmek bolmaz. Bilimli ölmez, bilimsiz gülmez (nakyl).


B1LIMLILIK, Hatly-sowatlylyk, ylymlylyk, bilimdarlyk.


BILIMSIZ, Hatsyz-sowatsyz, nadan, ylymsyz.

Okuwsyz, bilimsiz türkmen aýaly, Onuň azatlyga köpdür hyýaly (Mollamurt, Saýlanan eserler). Şäherliler rytsarlary gödek we bilimsiz adamlar bolandyklary üçin hem ýigrenipdirler (Orta asyrlar taryhy).


BILIMSIZLIK, Hatsyz-sowatsyzlyk, nadanlyk, ylymsyzlyk. Meni bilimsizlik köseýär.


BILINMEK, 1. Kesgitlenmek, aňlanmak.

2. Bir zadyň üsti açylmak, duýulmak, mälim bolmak, tapylmak. Goýberlen ýalňyşlyklar bilindi.


BILIŞMEK, Biri-birinden habar alyşmak, hemmesini diýen ýaly bilmek.

Oňat gabat gelişdik, Hal-ýagdaýy bilişdik («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BILKASTLAIYN, ser. Bilgeşleýin. Ol wakalaryň bilkastlaýyn bulaşdyrylýan görnüşde sypatlandyrmaga dyrjaşylmagy halklaryň ünsüni sowmak-dan başga zat däldir («Sowet Türkmenistany» gazeti).


BILMEK, 1. Bir zady aňşyrmak, akyl ýetirmek, bir zatdan habarly bolmak.

Reýhan arap ahyr bolmajagyny bildi («Görogly» eposy). Bolmanda-da seniň bu ýerde hemişelik däldigiňi men bilýärin! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir zady özleşdirmek. Şahyryň bu dörtlemesini häzir türkmenleriň köpüsi ýatdan bilýär («Edebiýat»). Kartany oňly bilemok. Ýöne adyny aýdaýyn («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Syzmak, duýmak. Olar görmek, eşitmek, ys almak, tagamy bilmek we daşky täsirleri duýmak organlaryndan ybaratdyr (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş).

4. Tanamak.

Men onuň kimdigini bilmek isleýärin! Sen ony açyk bilýärmiň? (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

5. Bir işi, wezipäni ýerine ýetirmegi başarmak, oňarmak. Ol özüniň işini bilýär.

Bilen bilenin işlär, bilmedik barmagyny dişlär (nakyl).

Bilmeseň, bileşщke git (nakyl).

Bilene ýagty, bilmedige garaňky (nakyl).

6. Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyp gelýän işlikleri bilen birlikde modallyk görkezýär. Ýüzüp bilmek, alyp bilmek, göterip bilmek, ýazyp bilmek we ş. m.

<> B i l m e z l i g e  s a l m a k — bilmediksirän bolmak, aňmazlyk etmek.

Köp bilen bolm a k — ser. K ö p. Sen özüňe tabşyrylan zady etmän, köp bilen bolup, şyltak gazanýarsyň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BILÇEKI [bi:lçeki], Atyň eýerini, eşegiň gaňňasyny berkitmek üçin garnynyň aşagyndan aýlanyp daňylýan ýup, gaýyş.


BILÝARD, 1. Ýörite stoluň üstünde taýagyn ujy bilen şar urup oýnalýan oýun.

2. Şu oýun oýnalýan erňekli we burçlaryndaky deşikleri torluja stol.