SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIK

BIKANUN [bi:ka:nu:n], Kanuna esaslanmadyk, kanuna laýyk däl, kanunsyz.

Baş Assambleýanyň bikanun rezolýutsiýalary («Sowet Türkmenistany» gazeti). Bikanun edilen iş.


BIKARAR [bi:kara:r], Karary ýetmeýän, kararsyz, ynjalyksyz.

Praga, Budapeşte, Berline bardyk, Emma sensiz ýürek bikarar, Watan! (Çary Aşyr, Poemalar).


BIKE [bi:ke], Rewolýutsiýadan ozal ýerli häkimleriň we ş. m. aýalyna ýüz tutulyp aýdylýan söz, hojaýyn aýal. Erli häkimleriň aýallary, ýagny suwly ýeriň bikeleri, beýlekiler ýaly ýüz bermän durýardylar (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany). Iň gowusy bu ýaglygy sen alma, ýitenini biläýse, bikäm dälirär (Şekspir, Otello).


BIKEMAL [bi:kema:l], Düzüw däl, kemally däl, ulalyp oňalmadyk, ugursyz (adam hakynda). Bikemal adam.


BIKEMALLYK [bi:kema:llyk], Düzüw dällik, kemally dällik, ulalyp oňalmazlyk, ugursyzlyk (adam ha-kynda).


BIKÄR [bi:kär], I. Kärsiz, işsiz, işlemeýän.

Men bikärleri halamasam-da, saňa gezek gelende, gaty arkalydyryn («Mydam taýýar» gazýeti).

2. Boş, biderek, ugursyz, nähak. Bu bir bikär gürrüňdir, heý maşynly hem bir ogry bolarmy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Aý dost, sen bikär ýere tukatlanyp, biziň giň ýurdumyzy daraldýarsyň. Komandir: — Bir okuňyz hem bikär geçmesin — diýip gygyrdy-da, atmaga komanda berdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. gepl. d. Keýpine, ýöne. Ýeri, işlije geldiňmi, ýa-da keýpine?! Bikär!


BIKÄRLIK [bi:kärlik], 1. Kärsizlik, işsizlik. Onuň öýi bikärligini şatlykly geçirmäge döwtalap myhmanlardan doly bolardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Ýaltalygy, tukatlygy, bikärligi taşladym («Tokmak» žurnaly).

2. Boşluk, bidereklik, ugursyzlyk.