SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIR

BIR, 1. 1 tsifriniň ady we onuň mukdary, ýeke. Men bir kem altmyş ýaşadym (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Bir günlük ýola çyksaň üç günlük azyk al (nakyl).

Bir gören tanyş, iki gören garyndaş (nakyl).

Bir günüm — hoş günüm (nakyl).

2. Nämälimligi, näbelliligi aňladýan kömekçi. Penjiräň öňünde oturyp bir gün, Üç gyz agşamara edýärdi gürrüň (A. S. Puşkin, Ertekiler). Olar bir beýik tümmege çykyp, daş-töwerege göz aýlaýarlar («Bahar»).

3.ÝeEke, ýalňyz. Onuň bir özi öýdedi.

4. ser. Birlik II, 2.

* B i r agza bakma k—ser. Agyz.

Bir almany iki bölen ýaly — ser. A l m a. Bujagaz çagalaryň iki sanysy edil bir almany iki bölen ýalydy. B i r  bada — ser. B a d a . Goýsalar bir bada tünegime giderin. Zawoddaky gündelik gaýnaýan durmuş bir bada syndi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Bir başa — ser Baş1.

Bir ýan ýüzli etme k—ser. B i r ýüzli etmek. Bir ýaňalak bolmak — ýa eýläk, ýa beýläk bolmak, bellisini etmek. Şol bir ýaňalak bolýança sabyr etmek gerek (B. Kerbabaew, Aýgytli .ädim) .

Aýagyňy bir ýere depme k—ser. A ýa k. Biz öz aýagymyzy bir ýere depip, ýedi gat ýer astyndan göwher almaga ymtylýarys («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BIRAGYZDAN, Hemmesi bilelikde, agzybir. Karary biragyzdan kabul etdiler.


BIRAZ [bira:z], Az mukdarda, azajyk. Diýdi: — Dostlar, kömek. beriň biraz siz! («Sowet edebiýaty>> žurnaly). Bu ýagdaýda biraz howsala düşdi («Görogly» eposy).


BIRAHATLANMAK [bi:ra:hatlanmak], Ynjalygyň gaçmak, rahatsyzlanmak, ynjalyksyzlanmak.

Beýle birahatlanyp oturmasana!


BIRAÝAKDAN: b i r  a ýa k d a n  s ü r m e k—bir meňzeş hasap etmek, hemmesini deň hasaplamak. Hemme kärendeçini biraýakdan sürmek bolmaz (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BIR-BIRDEN, Ýeke-ýekeden, biri-biriniň yzyndan.


BIRDEN, Bir zarba, bir bada, garaşylmadyk ýerden.

Birden maşyn badyny gowşatdy. Birden onuň ýüzi ýagtylan ýaly boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Birden tokaýyň içinde gezip ýören Görogla gözi düşdi («Görogly» eposy).


BIRDEN-BIR, ser. Ýe k e-t ä k.

Ol muny dünýäde birden-bir eserdir öýdýär (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BIRDENKÄ, Bir bada, birden, duýdansyzlykda. Birdenke Akbilek üýrüp, gapa tarap okduryldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Artyk onuň birdenkä egninden gujaklady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Birdenkä samoliotyň öň tarapynda patyrdy başlandy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BIRENTEK, Bir näçe, köp, ençeme. Ol öýe girip, birentek wagtlap çuň pikire batyp oturdy. Bu maslahat edebiýatyň ähli žanrlary boýunça ýaş edebiýatçylaryň birentek eserlerini ara alyp maslahatlaşdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BIREHIM [bi:rehim], Hiç kime rehim etmeýän, doňýürek, rehimsiz. Lýuter knýazlary daýhanlardan. iň birehim suratda öç almaga çagyrypdyr (Orta asyrlar taryhy).


BIREHIMLIK [bi:rehimlik], Rehimi bolmadlyk, doňýüreklik, rehimsizlik.

Sen beýle birehimlikden el çek (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BIRŽA, 1. Kapitalistik ýurtlarda: maliýe we uly söwda ylalaşyklaryny düzýän edara.

2. Söwda meýdany, pälehana.

<> Zähmet biržasy — büržuaziýa ýurtlarynda:işsizlere iş tapyp bermek baradaky dellalçylyk işlerini alyp barýan edara, pälehana.


BIRIGIŞMEK [bi:rigişmek], 1. Güýži bir ýere toplamak, ýygnanyşmak, birleşmek, jemlenmek.

Zähmet çekip, ýere saçyp derini, Birigşip baýlardan. aldy ýerini (Mollamurt, Saýlanan eserler).

2. Goşulyşmak, garyşmak. Ýol boýundaky obalardan atlananlar-da şolara birigişýärdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BIRIGÜN [bi:rýagün], Erte däl-de, ondan soňky gün. Eger awa gitjek bolsaň, birigün gideli (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Mara bolsa, ertir däl-de, birigün gidýäris (B. Pürliew, Ilkinži gün).


BIRIKDIRMEK [bi:rikdirmek], Birleşdirmek, goşmak, garmak. Öýüň içi ýaly atyzlaryň örän köpüsini birikdirmelidi («Kolhoz günleri»). Ol Galiçi basyp alypdyr we ony öz knýazlygyna birikdiripdir (SSSR taryhy).

<> A g y z  birikdirmek — ser. A g y z. Sizits hem agyz birikdirip, emire garşy göreşmegiňiz gerek («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Goş  birikdirmek—ser. G o ş. Aýsoltan bilen goşuny birikdirip bilse, Begeniiň dünýäde armany ýokdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BIRIKMEK [bi:rikmek], 1. Goşulmak, garylmak, birleşmek. Türkmenistanyň Russiýa birikmeginiň aşakdaky ýaly oňaýly taraplaryny-da bellemän geçmek bolmaz («Edebiýat»), Şol posioloklar kem-kemden giňelip, şähere birigýärler («Ýaş kommunist» gazýeti).

2. Biri bilen durmuş gurmak, är-aýal bolmak.


BIRIN-BIRIN [bi:ri:n-bi:ri:n], Başdan-aýak, jikme-jik, ýekeme-ýeke. Rugsat beriň, hemmesini birin-birin aýdyp bereýin (A. S.-Puşkin, Saýlanan eserler). Muhammet özüniň çopançylykda ýörän, günlerini birin-birin göz öňüne getirdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BIRINJIDEN, 1. Hemmeden öňürti, ilki bilen, ozaly bilen.Ýok Gurban, birinjiden-e, garrylar hut şeýle diýerler diýip, ynanmaga sende hiç hili esas ýok («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bir tarapdan.


BIRINJILIK, Görkezen hyzmaty, üstünligi boýunça birinji orny eýelemeklik, birinji bolmaklyk. Birinjilik meniň elimden gidip barýardy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Laçyn geçen ýyl respublikaň ýaryşda birinjilik gazanypdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BIRLEŞDIRIJI, 1. Güýji bir ýere jemleýji, birlik dörediji.

2. Bir zady başga bir zada goşujy, garyjy.

3. Bir zady daňyjy, ýelmäp berkidiji, utgaşdyryjy.


BIRLEŞIK. 1. Gurama, jemgyet, soýuz. Azatlyk ýolunda hemme birleşik, Birleşýärler dünýe zähmetkeşleri (Mollamurt, Saýlanan eserler). Onuň inženerlik edýän promyseli diňe bir trest boýunça däl, «Türkmennebit» birleşigi boýunça-da iň öňdäkileriň hataryna goşuldy (B. Pürliew, Ilkinji gün).

2. Ylalaşykly, dostlukly topar. Ýaroslawyň ogullarynyň arasyndaky birleşik uzak dowam etmändir (SSSR taryhy).


BIRLEŞMEK, 1. Birikmek, birigişmek, goşulmak. Köp millet birleşen jaýdyr bu döwlet («Oktýabrь ýalkymy»). Urartu ýurdunda has güýçli taýpalaryň baş-da durmaklary astynda ownuk taýpalaryň birleşmekleri bolupdyr (SSSR taryhy).

2. Biri-biri bilen kesişmek, çatlyşmak.


BIRLIK I. 1. Bir meňzeşlik, umumylyk.

2. Bitewilik, agzybirlik. Bozulmaz birligi çekiç-oragyň, Geçirdi gaýlardan seniň zürýadyň (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


BIRLIK II, 1. Biri bildirýän tsifr. Owadan ýazylan birlik.

2. Okuwçylaryň okaýşyna berilýän iň pes baha.

3. Ýekelik, ýalňyzlyk.

4. Oýnalýan bir gülli kart. Haç birlik.

5. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san. Birlik kagyz manat.

* Birlik san — ser. S a n.


BIRLIKDE, 1. Köplenç «bilen» kömekçi sözüniň soňundan gelip, «bilelikde, bile» diýen many aňladýan

jemleýji söz.

2. Iki ýa-da bir näçe bolup, goşulyjy bilelikde. Nabat eje, Jamal, ikiňizi birlikde gutlaýaryn (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


BIRLÄN-IKILÄN,  1. Ýek-tük, az-kän, ýek-ýarym, bir-iki, käbir.

2. Az duş gelýän, seýrek.


BIRNEME, Az-owlak, az-kem, az-maz, azajyk. Entek täze ýyla geçilerine birneme wagt bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bibiniň, Gandymyň gürrüňi Artgy birneme ynjaltdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)!


BIROWAÇ [bi:rowa:ç], Rowaç almadyk, şowsuz, üstünliksiz. Puşkin dekabristleriň gozgalaňynyň birowaç bolandygyny eşitdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


BIROWAÇLYK [bi:rowa:çlyk], Rowaç almazlyk, şowsuzlyk, üstünlikli bolmazlyk.

Günbatar   rewolotsiýanyň birowaçlyklary dekabristleriň köpüsinde lapykeçlik we şübhelenmek duýgusyny döretdi (A. S.Puşkin, Saýlanan eserler).


BIRÖWŞEN [bi:röwşen], Ýagty däl, röwşen däl, aýdyň däl. Russiýanyň geljegi, tukat, biröwşen ýaly bolup görünýärdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


BIRSYDYRGYN [birsydyrgy:n], Bir meňzeş, bir tüýsli, bir boluşly. Suwuň birsydyrgyn akyşynyň;

döredýän güňleç şaggyldysy eişdilýär. Brigadir ýygymçylaryň birsydyrgyn hereketinden bir bada gözüni aýryp bilmedi. Motoryň birsydyrgyn çykýan dyngysyz gürrüldisi bir bada ýüregime düşjek ýalyetse-de, soňabaka öwrenişip başladym («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BIRSYHLY [birsy:hly], 1. Hemişe, elmydama, üz nüksiz, häli-şindi.

Içine şaly ekilen ýaly birsyhly suw içip gürledi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Köçeleri tekizleýän greýderleriň, buldozerleriň dyngysyz eşidilýän güňleç sesleri täze jaýlara düşüp,birsyhly ýaňlanyp güwwüldeýärdi («Sowet edebiýaty» ; žurnaly). Alada, gaýgy ony rahat ýatyrmady, birsyhly eýlesine-beýlesine aýlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Bir boluş, birsydyrgyn.


BIRUGSAT [bi:rugsat], ser. R u g s a t s y z. Oraz ,ejesinden birugsat kino gitmeýär.


BIRÇAK, Köp wagt mundan ön, bir eýýäm, bir wagt, köpden, öňräk.

Ol işini birçak gutaryp gitdi. Kino birçak gutardy.


BIRYSGAL [bi:rysgal], ser.   R y s g a l s y z.


BIRÝANLAÝYN [birýa:nlaýyn], Bir taraply, bir ugurly, bir taraplaýyn.