SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIB

BIBAT [bi:ba:t], 1. Abat däl, sandan çykan, ulanylyşdan galan, döwlup-ýenjilen, ýumrulan, bozulan.

Häzir onuň abat jaýyndan bibat jaýlary kändi, dumly-duşda ýykyk-ýemrik haraba bolup ýatan tamlar otyrdylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Sür döwrany, öýüň gözel hem abat, Tebigy beladan bolman dek bibat (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. göç. m. Hojalygy, ykdysadyýeti pese duşen, yza galan. Könäni ýatlasak, kändir derdimiz, Düzelendir bibat bolan ýurdumyz (Mollamurt, Saýlanan eserler).


BIBATLYK [bi:ba:tlyk], Abat dällik, sandan çykanlyk, döwük-ýenjiklik.


BIBATÇYLYK   [bi:ba:tçylyk],   ser.   B i b a t l y k.


BIBAŞ [bi:baş], Terbiýe görmedik, adam diýenini etmeýän, özbaşyna giden, tertipsiz, terbiýesiz.

Annagulyny ýaşlykda terbiýelemän, bibaş ösdüren kakasy bilen ejesidi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BIBAŞDAKLYK [bi:başdaklyk], Nesihaty tutmazlyk, özbaşyna gitmeklik, özbaşynalyk, tertipsizlik. Pyýan şlýahtaçylar täze bibaşdaklyklar edipdirler (SSSR taryhy).


BIBAŞLYK [bi:başlyk], ser. Bibaşdaklyk.


BIBEREKET [bi:bereket], ser. Bereketsiz.


BIBEREKETLIK [bi:bereketlýk], ser. Bereket-sizlik.

Geçen ýyl bibereketlik köp boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BIBI [bi:bi], kön. s. 1. Ruhanylaryň aýallarynyň hormat bilen tutulýan ady.

2. Özünden uly aýal doganyňa ýüzlenilip aýdylýan we garyndaşlyk aragatnaşygyny görkezýän söz.


BIBLIOGRAF, Bibliografiýa işiniň spetsialisti.


BIBLIOGRAFIK, Bibliografiýa degişli bolan. Bibliografik ýazgy.


BIBLIOGRA'FIÝA, Kitaplaryň atlarynyň, çap edilip çykan ýylynyň ylmy ýazuwy.