SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIP

BIPARH [bi:parh],  ser. P a r h s y z.


BIPARHLYK [bi:parhlyk], ser. P a r h s y z l y k.

Selbi ony sowuk-salalykda, biparhlykda aýyplaýandyr öýdüp, ol asla pikir etmeýärdi (N, Jumaew, Ak derek).


BIPAÝAN [bi:pa:ýa:n], Soňy bolmadyk, ahyry ýok, tükeneksiz. Bipaýan dünýede jany neýlediň? Agaýunus, şirin-şirin sözlediň («Görogly» eposy).


BIPEÝDA [bi:peýda:], Peýdasy bolmadyk, peýdasyz. Ol söwda bipeýda boldy.


BIPERWAÝ [bi:perwa:ý], 1. Hiç zat hakynda alada, ünji etmeýän, durmuşa perwaýyz garaýan.

Sopy nazar saldy suwa biperwaý (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Onýança Selbi hem oslagsyz duşuşygyň ilkinji täsirinden boşap. özüni raslady, Baýramy biperwaý garşylamaga çalyşdy (N. Jumaew, Ak derek).

2. Geleňsizlik bilen garaýan, geleksiz. Ol haý-howaýy durmuş ýugrulan, biperwaý, geleňsiz bir adamdy (Aýbek, Nowaýy). Biperwaý häsiýetli bolmak.


BIPERWAÝLYK [bi:perwa:ýlyk], 1. Hiç zat hakyn-da alada, ünji etmezlik, perwaýsyzlyk.

Göz açyp-ýumasy salymyň içinde meni ençeme aýlap gurşap alan rahatlyk we biperwaýlykdan nam-nyşan hem galmady («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Geleň etmezlik, geleňsizlik. Bu işde biperwaýlygyň öňüni almaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly).