SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIJ

BIJAÝ [bi:ja:ý] I, 1. Ýerliksiz, erbet, gelşiksiz (sözlemek, özüni alyp barmak barada). Begenç özüniň ýönekeý weşi sözlerine-de ynam etmän: — Men warsaky, bijaý sözler uraýdym öýdýän — diýip, ajap edýän wagtlary hem bolýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Tekiz däl, amatly, oňaýly bolmadyk. Düme meýdanlary taplanmadyk bijaý ýerler, ony suwaryp bormuka? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BIJAÝ [bi:ja:ý] II, Örän, juda, gaty.

Seniň sag gaýdyp gelmekligiň meni bijaý guwandyrdy. Biziň pikirimiz bijaý ýalňyş ekeni (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýumşak kreslonyň üstünde şähdaçyk halda oturan Hümmet aga Georgini bijaý gadyrdan garşylap, öz ýanynda oturtdy (N. Jumaew, Ak derek).


BIJE [bi:že], 1. Bir jedeli çözmek, bir zadyň gezegini, düzgünini, tertibini, hukugyny kesgitlemek üçin çekilýän belgili çöp hem-de bir zada hukuk berýän ýa-da bir düzgüne boýun edýän şertli zatjagaz we ş. m. Kim bilýär haýsynyň bijesi galar, Haýsynyň başyna düşjek gowgalar (M. Seýidow, Gijeki myhman). Kimiň öňürti almalydygyna bije atyşaly (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

Bijeli oglan aglamaz (nakyl).

2. Paý, ülüş, bölek. Çüýşegöz bolsa: — Şonuň ikisi hem siziň brigadaňyzyň bijesine düşdi. — diýdi (A. Gowşudow, Eserler). Meniň bijeme gaty gowy ýer düşdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de). Giderýär gözümi, giderýär çenden Tebigatdan saňa berilen bije («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BIJIN [bi:jin], kön. s. 1. Maýmyn.

2. Köne ýyl hasabyna görä müçäniň, ýagny on iki ýylyň dokuzynjy ýylynyň ady. Bijin ýyly.