SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIO

BIOGRAF, Biografiýa düzuji.


BIOGRAFIK, Biografiýa degişli, biografiýa mahsus bolan.


BIOGRA'FIÝA, Biriniň durmuş halynyň ýazgysy, terjimehal.

Onuň köp sanly fotosuratlarynda biografiýasynyň aýry-aýry sahypalary, gylygynyň ewolýutsiýasy kinoda görnen ýaly aýan bolýardy (N. Jumaew, Ak derek).  1925-nji ýyl, Aleksandr Korneýçugyň şyndaky we döredijilik biografiýasyndaky, iki möhüm waka bilen bellenildi  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BIOLOG, Biologiýa ylmyndan spetsialist.

Degre daşy biolog, geolog, tehnikli gelýär (K.Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi). Biologlaryň ýygnagy boldy.


BIOLOGIK, Biologiýa ylmyna has bolan.

Zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşiň biologik çäreleri barha giňden peýdalanylýar (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa). Ozaly bilen, biologik ösüş täsiri astynda bolup geçýär (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika).


BIOLOGIÝA, Janly tebigatyň, organiki ýaşaýşyň kanunlary hakyndaky ylym.

Häzir bolsa biologiýa mugallymlarynyň paýtagtda bolan seminaryndan gaýdyp gelýän ekeni (N. Jumaew, Ak derek).