SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIN

BINA [bina:], 1. Gurluşyk işinde: jaýyň tutulan duýbi, fundament.

Daşdan salynýan uly ymaratlaryň binalaryny granitden örýärler (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).

2. Jaý, ymarat.   Günüň uzyn tyglary gelip, wokzalyň hem beýleki binalaryň diwarlaryny urýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> B i n a  bol m a k — emele gelmek, döremek, esaslanmak, gurulmak, salynmak. Daşynyň howlusyny men saldyrdym, jaýlar hökümetiň kömegi bilen bina boldy (A. Gowşudow Eserler).

Bina etmek — emele getirmek, gurmak, salmak. Wişka posiologynda administratiw, hojalyk we ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi bina edildi («Sowet Turkmenistany» gazyeti).


BINAMAZ [bi:nama:z], kön. s. Namaz okamaýan, namaz-syz.


BINAMYS [bi:na:mys], Namysy ýok, arsyz-namyssyz, utançdan-haýadan gaçmaýan, namyssyz.

Heý ysnat getiren, binamys, ahyry almytyňy aldyň gerek?! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Binamysa günde toý (nakyl).


BINAMYSLYK [bi:na:myslyk], Utanç-haýasyzlyk,namyssyzlyk, arsyzlyk.


BINAMYSÇYLYK [bi:na:mysçylyk], ser. Binamyslyk.

Men beýle binamysçylygy edip bilmen, näme bolsam ýoldaşym bilen bile bolaryn (A. Gowşudow,eserler).     

BINESIP [bi:nesi:p], Nesibesi bolmadyk, nesip etmedik, nesipsiz.

Emma zamanasynyň bir näçe adamlaryna miýesser bolan şahyrlyk bagty ýa-da bagtsyzlygy ony hem binesip galdyrmandy (Aýbek, Nowaýy).


BINIKA [bi.-nika:], ser. N i k a s y z.

Binika öýlenmek.         ;'


BINOBAT [bi:no:bat], ser. N o b a t s y z

Halnazaryň hatarynda Ataýry gelne üleşikden öň ýetdi, tamdyra binobat boldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BINOWA [bi:nowa:], 1. Hiç zatsyz, nowasyz.

2. Akylsyz, pähimsiz. Diňle goňşy, partiýa ynsan üçin howadyr, Oňa garşy gidýänler akylsyz, binowadyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BINT, Ýara daňylýan hasa sargy. Men dermanhanadan bint aldym.


BINTLEMEK, Bint bilen daňmak, saramak. Oraz eliniň ýarasyny bintläpdir.


BINTLENMEK, Bint bilen daňylmak, saralmak. Ýolliň ýarasy bintlenen bolsa gowy bolardy.


BINTLETMEK, Bint bilen baglatmak, saratmak., Barmagymyň ýarasyny bintletdim.


BINTLEŞMEK, Bint bilen daňmaga kömekleşmek, saraşmak. Men onuň elini bintleşdim.


BINURBAT [bi:nurbat], Geçirimsiz, rehimsiz. Binurbatdyr gazap, ganym döker sen, Synam üzre tygsyz ýara salan ýar («Turkmen halk şahyrana döredijiligi»).


BINYŞAN [bi:nyşa:n], Nam-nyşansyz, atsyz-sorsuz, nyşansyz, dereksiz.

Bir kagyzjyk tapylsady, ýazyp bize ogryn çörek daşaýan aýala bererdik, biz binyşan gitmezdik, taryhda galardyk — diýdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Adybegiň yzy binyşan gitdi — diýip, men näumyt bolup ýördüm («Görogly» eposy).