SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIY

BIYGTYÝAR [bi:ygtyýa:r], 1. Ygtyýarsyz, rugsatsyz, ylalaşyksyz. Biygtyýar işden gitmek.

2. Erksiz, alaçsyz.

Begenç gabagyny galdyrman, piliň elden sypyp barýan ýylmanak sapyny biygtyýar sypalady. Şol oýlar, şol azaplar ýadyna düşende, Aýsoltan biygtyýar ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BIYNJALYK [bi:y:njalyk], 1. Birahat, ynjalyksyz. Sorag bilen ony biynjalyk edäýmäýin (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Aladasy barlyk, gaýgy-ünjüsi barlyk, ynjalygy ýokluk, aladalylyk. Ozaldan hem biynjalyk Çerkeziň Pökgi wala tüýs ýüregine düşdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BIYNSAP [bi:ynsa:p], ser. Ynsapsyz. Soň bu zalym biynsap arapdan aryňy alarsyň («Görogly» eposy).


BIYNSAPLYK [bi:ynsa:plyk], ser. Ynsapsyzlyk. Sen oýlanyp gör, bu nähili biynsaplyk! (M. Ibrahimow, Ol gün geler).