SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIG

BIGAÝRAT [bi:gaýra:t], Elinden zat gelmeýän, ähtinden dänýän, gaýratsyz, gorkak, namart.

Atamyň ganyny unudar ýaly, men bir bigaýrat, binamys adam bolmaly (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BIGAÝRATLYK [bi:gaýra:tlyk], Elinden zat gelmezlik, gaýratsyzlyk, gorkaklyk, namartlyk. Bigaýratlyk etmek.


BIGAIRATÇYLYK [bi:gaýra:tçylyk], ser. B i g a ý r a t l y k.


BIGAM [bi:gam], Aladasyz, perwaýsyz, ünjüsiz, gam-syz.

Şu ýerde hojalygym bilen meşgul bolup ýörkäm, bigam ýaşaýşymy küýsäp ýörerdim (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Dünýäde gam baryn bilmän gelýärdim, Bagtyň gujagynda bigam gülýärdim («Sowet edebiýaty»


BIGAMLYK [bi:gamlyk], Aladasyzlyk, ünjüsizlik, perwaýsyzlyk, gamsyzlyk.

Namysdyr, howp güni bigamlyk etmek., Kowmasaň tutdurmaz maksada ýetmek («Oktýabrь ýalkymy»).


BIGAPYL [bi:ga:pyl], Habarsyz, duýdansyz. Bigapyl ýörmek. Bigapyl ýatmak.


BIGELŞIK [bi:gelşik], ser. Betgelşik. Göze-başa düşmeklik bigelşikdir.


BIGELŞIKLIK [bi:gelşiklik], ser. Betgelşiklik.


BIGEŇEŞ [bi:geneş], Geňeşsiz, soraman-idemän, bidip Bigetseş iş etmezlik.


BIGÜMAN [bi:güma:i], Gümansyz, gürrüňsiz, hökman.

Bu hat bir aý ozal bu oba ýetdi Elden-ele geçipdir ol bigüman («Sowet edebiýaty» žurnaly). Çünki ol-da sözläp indi bigüman, Teklibimi goldar diýip bilýärdi (R. Seýidow, Bagtlylar).


BIGÜNÄ [bi:günä], Günäsi bolmadyk, günäsiz, ýazyksyz.

Bigünä daýhanyň tenini gyzdyrsaň, tünegiňi başyňa ýumyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Peýesanyň soňky görnüşlerinde jenaýat edenler tutulýar, bigünä adamlar boşadylýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


BIGÜNÄLIK [bi:günälik], Günäsizlik, ýazyksyzlyk.


BIGÄNE [bi:gäne], Öz maşgalaň, garyndaşyň däl-de, başga adam, ýat, keseki.

Ýeri, gyzyň bir bigäne bilen tirksşip gaçyp gidäýse näme etjek? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Bigäne tutma özüňni! Eşitgil zaryn sözümni! («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).