SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIH

BIHABAR [bi:habar], ser. X a b a r s y z. Aýnur eje özi hakyndaky bu bolan gürrüňlerden bihabar, traktoryň gürrüldisine üns berip, ot ýatyryp ýör (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Il meniň adymy bäş barmagy ýaly bilse-de, şäheriňize gelenimden bihabardyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Dunýäden  bihabar — ser. Dünýä. Döwekçiler öz işleri bilen güýmenip, dünýäden bihabardylar (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


BIHABARLYK [bi:habarlyk], ser. H a b a r s y z l y k.


BIHAL [bi:ha:l], 1. Dini duşünjä görä «keramatly» manysynda ulanylýan söz.

2. Iş başarmaýan, gowşak. Potdyny sen. bihaldyr hasap edýämiň? (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Şonuň bilen bile, sen Atagy bihal bilmegin («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ine, şol gysýanlaryň garşysyna çykyp, olary gylyjy bilen derbi-dagyn eden ata-babanyň kesbi-kärini sen bihal görmegin (A. ;Durdyew, Saýlanan eserler).


BIHASAP [bi:hasa:p], ser. Hasapsyz. Onuň maly bihasapdy.


BIHATA.[bi:hata:], ser. Hatasyz. Ýola çykdy otlymyz, Hoş gal, gidýän bihata (Çary Aşyr Poemalar).


BIHAÝA [bi:haýa:], ser. H a ýa s y z. Bihaýa, masgara, ile gülküdir (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Lýudowik hilegär we bihaýa syýasatçy bolupdyr (Orta asyrlar taryhy.).


BIHAÝALANMAK [bi:haýa:lanmak], Her hili erbetlige ýüz urmak, utanjy gaçmak, haýasyzlanmak.


BIHAÝALYK [bi:haýa:lyk], Bihaýa bolmaklyk, erbetligi ýüzüňe almazlyk, haýasyzlyk, utançsyzlyk, şermendelik. Guwanç bihaýalyk bilen özüniň bu haramzadaçylyklaryny jenaýat hem hasaplamaýan ýaly boldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bu nähili bihaýalyk?! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).


BIHAÝAÇYLYK [bi:haýa:çylyk], ser. B i h a ýa l y k. Eşitdim, ýoldaş naçalnik, baryp ýatan bihaýaçylyk («Sowet adebiýaty» žurnaly).


BIHEPBE [bi:hepbe], Iş oňarmaýan, iş-güýçden bizar, bikär, hepbesiz, gowşak.

Hünärsiz, bihepbe adamyny halan gyz tapylarmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Aý, meniň bir öwerlikli kärim ýokdy, meniň agam, inim ylymly alym, hünärli bolup gitdiler men bolsa bihepbe boldum (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Ol baryp ýatan bihepbe diýsene (B. Pürliew, Ilkiňji.,gün).