SÖZLÜG ; B- HARPY;
BIM

BIMAZA [bi:maza:], 1. Garagol, terbiýesiz, ýakymsyz.

Bimaza Wolodýa hatda oýunlarda hem öz ýaşytlarynyň arasynda tapawutlanýar («Mydam taýýar» gazýeti). Mekdepde bolan wagtyňda-da şu Aman poşynyň ogly Wepa bilen gepleşäýseň, boýnuňy sograryn, ol bir bimaza haramzadadyr! — diýip hemle urdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bimaza oglanyň gepine gitdim, Bu bolşum düýbünden ýalňyş ekeni (K. Gurbannepesow, Soldatyd ýüregi).

2. Ynjalyksyz, birahat. Bimaza edenim üçin bagyşlaň! (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Gündiz görsem suratyň, gijeler bimaza men («Turkmen halk şahyrana döredijiligi»).

<> Agzy bimaza— ser. A g y z.


BIMAZALANMAK [bi:maza:lanmak], 1. Garagollugy artmak, ýakymsyzlanmak.

2. Ynjalyksyzlanmak, rahatsyzlanmak.


BIMAZALYK [bi:maza:lyk], 1. Garagolluk, ýakymsyzlyk, bitertiplik.

Hoşly, biziň oglanlarymyzyň için-de bimazalyk edip ýörenleri ýokdur (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). 2. Ynjalyksyzlyk, rahatsyzlyk.


BIMAZAÇYLYK [bi:maza:çylyk], ser. B i m a z al y k.


BIMAKSAT [bi:maksat], Maksatsyz, sebäpsiz. Bimaksat iş ýok.


BIMAMLA [bi:ma:mla], Mamla däl, dogry däl, hak däl.

Bir neçeleri bolsa ony bimamla hasaplap hüňürdeşdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Oňa gysgajyk jogap gaýtaranda, Artygyň sesi-de bimamlaňky ýaly eşidildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Begenjiň bimamla ýylgyrýan dodaklarynda utanç ýaly bir ýagdaý syzylýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


BIMAMLALYK [bi:ma:mlalyk], Mamla dällik, dogry dällik, hak dällik.

Hawa, hawa! — diýip, öý eýesi bimamlalyk bilen aýtdy (M. Gorьkiý, Ene). Katýa artykmaç söz aýdanyna düşünip, bimamlalyk bilen Ýegor Makaryçyň ýeňinden çekdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BIMANY [bi:ma:ny], ser. Manysyz 1, 2. Bu beýhuda, bimany gan dökülişleriň tizräk daýandyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy (Aýbek, Nowaýy).


BIMAR [bi:ma:r], kön. s. Näsag, kesel, hassa, nähoş.


BIMARLYK [bi:ma:rlyk], kön. s. Näsaglyk, kesellik. hassalyk, nähoşluk.


BIMAHAL [bi:mahal], ser. B i w a g t.

Eje jan, bimahal sowuk urmasa, ýetmiş tsentnerden pagta alarmykak öýdýäriň! (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Bimahal çak gelen adam kimkä? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Köne galaň burçlarynda bimahal garalyp, düşünjesiz, ynanjaň, adamlaryň ýüregine howsala salyp ýören sen ekeniň-ow! (A. Gowşudow,Köpetdagyň eteginde).


BIMESREP [bi:mesrep], Biderek,  netijesiz.


BIMESSEP [bi:messep], Bir sözli däl, messepsiz, ykrarsyz.

Bimessep adamlar — ýaramaz adamlardyr.


BIMYNASYP [bi:myna:sy:p], Birine ýa-da bir zada mynasyp däl, laýyk däl.


BIMYNASYPLYK [bi:myna:sy:plyk], Birine ýa-da bir zada mynasyp, laýyk dällik.