Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa
Daga azy ursaň, daşy syndyrar,
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,
Paludanyň peri dişi syndyrar.
Ajalyňdan gorkup, girseň ummana,
Gorkudan ne peýda, gidejek jana,
Ömrüň ahyr bolup, dolsa peýmana, —
Haşhaşyň samany başy syndyrar.
Bar sözüne gulak goýgul bileniň,
Ahyry hiç ere yetmez ýalanyň,
Ömri-saly artar alkyş alanyň,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.
Akylyň sözünden köňül söýüner,
Akmagyň işinden zehin käýiner,
Muhannes giň ýerde akyl saýynar,
Dar ýerde akyly-huşy syndyrar.
Magtymguly, çölde gezen naşyny,
Bilik sorma, köp sürdý diýp ýaşyny,
Dar mejlisde doly berseň käşini,
Aşyn iýe bilmez, käşi syndyrar.