Ýylyň dört paslynda  on iki aýda,
										Remezan diýerlar aýyň ýagşysyn.
										Pena döwranynda, ýeriň ýüzünde
										Şamy-şerif  diýrler  Jaýyň  ýagşysyi.
										
										
										Garga guş ýaraşmaz beýik baglarda,
										Gül  üstünde bilbil saýran çaglarda.
										Ýeriň arkasynda, gençli daglarda,
										Ajdarha eýelär zawuň ýagşysyn.
										
										
										Eliň ýetse, arzyň etseň subhana,
										Akyl haýran bolar beýle diwana.
										Ýürekde dert bolup hem deger jana,
										Namarda bagş etse paýyň ýagşysyn.
										
										
										Magtymguly, bu döwrany-zamana,
										Ýagşyny ýygladyp, düşer-ýamana.
										Gardaşlary Ýusup kimin janana
										Rowa görmediler jaýyň ýagşysyn.