Mesgana ýörgenden gaýry ýurtlarda?
										Oýnap-ösen öz ýurduňdan  aýrylma.
										Melul käkilik deý nebsiň ugrunda,
										Dama duşup, ganatyňdan aýrylma.
										
										
										Namartlaryň köňli  şalykny  istir,
										Namartlaryň köňli duşmana doý diýr,
										Bigadyrlar ýalan sözlere rast diýr,
										Gadryň bilen ülpetiňden  aýrylma.
										
										
										Namartlar hem muhannesler  naçarlar,
										Tagamyň iýr, işiň bolsa gaçarlar.
										Dogry ýoldan egri ýola geçerler,
										Tälim  beren ustadyňdan  aýrylma.
										
										
										Kimse namart bolsa, kimi mert bolar,
										Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar.
										Herne gelse başa, tiliňden geler,
										Magtymguly halk çagyndan  aýrylma.