Hak nazaryn salgan bir serhoş ýigit,
Ynsan üçin sarp eýleýir aşyny,
Namysly, gaýratly, arly goç ýigit,
Söweş güni gurban eder başyny.
Bir niçeler gezer zerap don bilen,
Bir niçeler gezer gury san bilen,
Adamzady tanyp bolmaz syn bilen,
Synaşmagan bilmez kişi kişini.
Ýigidiň abraýy ýagşy zagyfdyr,
Ýagşy zagyf näkes äre haýypdyr,
Ýigide gallaçlyk külli aýypdyr,
Her ýan gezer, bilmez eder işini.
Magtymguly, aýdaý ýaryň sypatyn,
Täze depder bilen ýazaý syratyn,
Dowzah nyşanasy bir ýaman hatyn,
Her kime duş bolsa, alar huşuny.