Içki syryň aýtma her bir namarda,
										Syryň ile ýaýyp, paş eder seni.
										Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,
										Malyňdan aýyryp, aç eder seni.
										
										
										Sam-sam  adam bilen oturma, turma,
										Zynhar, namart bilen hemsöhbet gurma,
										Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
										Barsaň depesine  täç eder seni.
										
										
										Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,
										Jemalypy bir görmäge zar bolsa,
										Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,
										Ýgşy dostuň bilen öç eder seni.
										
										
										Magtymguly, ile ýaýdym  nesihat,
										Zynhar, ýaman bilen bolmagyl ülpet,
										Hudaý berse sagadatly bir perzent,
										Garrygan  çagynda ýaş eder seni.