Baýlar bardyr, garyplara rehm eýlär,
Bardyr baýlar, dünýä malyna degmez;
Gözel bardyr dünýä malyn iýdirseň,
Bardyr gözel, iýen nanyna degmez.
Dünýäde bahylyň ýüzüni görme,
Aşyň, nanyň, suwuň alyşyp berme.
Gul diýip, ýigidiň aslyny sorma:
Hojasy bar, belki guluna degms.
Döwletli är gerek söweşde serhoş,
Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş,
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş,—
Bu döwlet her kimiň eline degmez.
Magtymguly, bu dünýniň eşreti —
Iýmek, içmek, münmek, guçmak, söhbeti,
Bir niçeler mydam kylar tagaty,
Niçeleriň sejde alnyna degmez.