Akyl bolsaň, ýagşylara hemdem  bol,
										Akmak özün nadan bile ýar eýlär,
										Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn,
										Bir görsem diýp, gije-gündiz zar eýlär.
										
										
										Syrdaş bolsa, syrym aýdardym  merde, 
										Kerwen  ýatabilmez  gorkuly  ýerde,
										Uly namyslarda, ýaramaz derde,
										Namart öýde sähel işi ar eýlär.
										
										
										Namart gussasyndan galyp men derde,
										Köňlüm arman tapmaz bir pynhan ýerde,  
										Maly köp diýp, myhman bolma namarda,
										Jomart her çent pakyr bolsa, bar eýlär.
										
										
										Namart öz öýünde merde söz aýdar,
										Kär eýlemez hakyň tanapyn dartar,
										Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar,
										Namart peýda tapsa, köňlün dar eýlär.
										
										
										Magtymguly, imdi özüňni gözle,
										Ýagşyny  taryplap, ýamany düzle.
										Az iýip, az uklap, ýene az sözle,
										Köp söz seni il içinde har eýlär.