Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GALMANAM

GALMANAM


Sen-sen köňlümiň hoşgähi,

Galmanam, senden galmanam,.

Şeýda köňlüm seýilgähi,

Galmanam, senden galmanam.


Bagrym ýakdy yşkyň derdi,

Söýmüşem seniň dek merdi,

Harap bolsun Bagdat ýurdy,

Galmanam, senden galmanam.


Men hem barsam Zöhre jana,

Isterem bolsam hemhana,

Goýmagyl meni armana,

Galmanam, senden galmanam.


Maňa zyndandyr bu jahan,

Sensiz maňa bolmaz döwran.

Ýakar her dem ruzy-hijran,

Galmanam, senden galmanam.


Mahym diýer, ýandym  bu gün.

Synamdadyr dagy-dügün,

Örtär hijran bogun-bogun,

Galmayam, senden galmanam.