Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GÖREBILMEDIM

GÖREBILMEDIM


Mydam arzuw eýläp güli-ruhsaryň,

Mübärek jemalyň görebilmedim.

Açylan bagynda alma-enaryň,

Keşt edip güllerin tirebilmedim.


Aşyk doýmaz öz ýarynyň ýüzünden,

Käşki baryp habar alsam özünden,

Rakybyň elinden, iliň sözünden,

Bir dem nazarynda durabilmedim.


Sen gezersen gözellere şa bolup,

Men gezermen elip katdym ýaý bolup,

Zöhräniň waslyndan hantama bolup,

Mahym jaňa köňül berebilmedim.


Gül ýüzün görmesem, eziz jan köýer,

Seniň hesretiňden boldum derbe-der,

Indi barsam, duşman görer, il duýar, 

Zowky-sapalaryň sürebilmedim..


Tahyr diýer, aşnalarym ýat oldy,   

Dostlar gamgyn bolup, duşman şat oldy.

Kimse bilmez, jiger;bagrym ,ot aldy,

Dowam hyzmatyňda durabilmedim.