Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

Jelil

JELIL


Dat edeýin Babahanyň elinden,

Bu gün meni söwer ýardan aýyrdy.

Şeýda bilbil uçdy täze gülünden,

Bagym görki — bilbil zardan aýyrdy.


Muştak boldum ýaryň ýüzün görmäge,

Rakyplar goýmady bile ýörmäge,

Kararym ýok oturmaga, turmaga,

Gül-çemenli hyrydardan aýyrdy.


Ýarym gitdi,galdym munda gan aglap,

Aýralyk ataşy jigerim daglap,

Gonardy köşk üzre her dem soraglap,

Golum görki, boz şunkardan aýyrdy.


Men bilmenem, ne girdaba ýetipdir,

Girdap içre kaýsy balyk ýutupdyr,

Şamçyragym  kaýsy laýa batypdyr,

Pelek meni namys-ardan aýyrdy.


Zöhre diýer, ýokdur sabrym, kararym.

Jeýhuna gark boldy, söýgüli ýarym...

Aglap geçdi ömri leýlu nahalym,

Tahyr atly şasuwardan aýyrdy.