|  | 
							| 
										
										Husny mün tümen bahaly, Dilberim dildarym geldi! Sormaga  gelmiş bu haly, Gam defgy, gamhorym geldi. Lebinden nygmat saçyla, Mähriban bolup açyla, Sünbül bäs etmez saç  ile, Jan riştesi tarym geldi, Goý bäri destin almaly, Biz üçin ýany almaly, Ak  ýüzi goşa  almaly, Alma bilen narym geldi. Ýol degse, zülpün dagydyr, Synamda  yşkyň dagydyr, Ýetmez men ýaryn dagydyr, Gözel wepadarym geldi. Guwandym rengi-alyna, Aldandym mekri-alyna, Golun daldalap alyna, Zülpleri şamarym geldi. Jilwesi älem narydyr, Eltafy bizden narydyr, Elinde alma-narydyr, Gözleri hunhorym geldi. Jemaly älem ýarydyr, Her zülpi älem ýarydyr, Gören diýr:  «Kimin  ýarydyr?» Ol pasly baharym geldi. Ak ýüzünde nukta  haly, Tahyryň geçer ne haly, Sormaga gelmez bu haly, Saky gül ruhsarym geldi. |  |  |