Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

GIDEÝIN!

  GIDEÝIN!


Ýarym gitdi derýa bilen aýlanyp,

Goýber, ahun, ýarym bilen  gideýin!

Ilsiz-günsüz bir sandyga jaýlanyp,

Goýber, mollam, ýarym bilen gideýin!


Ýarym gitdi, jan rişdesi üzüldi,

Bagrym  kebap  bolup, çişge düzüldi,

Ejiz boldum, başym şuma ýazyldy.

Goýber,mollam, ýarym bilen gideýin!


Derýa atdy dür nukranyň gaşyny,

Haýsy balyk ýutdy eziz läşini,

Çäräm ýokdur atam kylan işini,

Goýber ahun, ýarym  bilen gideýin!


Ýa  bu meýdan içre öldürgil meni,

Başymga  salmagyl  aýralyk güni,

Kyýamatlyk atam, diýmişem seni,

Goýber, mollam, ýarym bilen gideýin.!


 Zöhre diýer, gül ýüzümde hyjapdyr,

Yşk ryswasy bolup, bagrym kebapdyr,

Bu aýralyk ölmegimge sebäpdir,

Goýber, mollam, ýarym bilen gideýin!