Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

sw
ILLERDE

Illerde


Tahyryň seýir etmiş pany jahany

Sen dek gözel hiç görmedim illerde,

Köňlümiň aramy, menzil-mekany,

Bilbiliňsaýramaz özge güllerde.


Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,

Yşkyňda  biçäre, köýüňde bar  men,

Tä «ölünçäm, seniň ýoluň garar men,

Röwşen kimin gözüm galdy ýollarda.


Hanjarym janymda, oklaryň tende,

Gamzaň oky öldür, kast eder günde,

Suratyň göremde, hyýalyň mende,

Ýüzüň ýüregimde, sözüň dillerde.


Säher seýle çyksa, ger degse eller,

Ogşaşar her ýana, getirse tiller,

Zerefşan gulpaklar, syýa käkiller,

Çözseň — ýere düşer, erseň — billerde!


Arzuw eýläp, ýete bilmen jaýyňa,

Janym pida bolsun häki-paýyňa,

Yrakdan guwanar husny-roýuňa,

Tahyr sowal etmiş zebun hallarda.