SERGERDAN  MEN
										
										Wahyt, menden habar sorsak,
										Bir ýar üçin sergerdan men.
										Käşki ýardan habar berseň,
										Dildar üçin sergerdan men.
										
										Sargaryp soldy gül ýüzüm,
										Zäher boldy şirin sözüm,
										Tahyr gitdi, galdym özüm,
										Azar üçin sergerdan men,
										
										Weýran bolsun täji-tagtym,
										Ýar diýip ýüregim ýakdym,
										Ukudan oýanmaz bagtym,
										Bimar üçin sergerdan  men.
										
										Ýedi ýyl derýada akan,
										Şum täleýi aýra çeken,
										Zöhre diýip bagryn ýakan,
										Ol nar üçin sergerdan men.
										
										Siz aýyp etmäň  Zöhräni,
										Gözleýirmen Tahyr jany,
										Ňeýlerem ýagty jahany,
										Didar üçin sergerdan  men.