Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

OÝAN

OÝAN


Gark olup gaflatda, ýatma, näzli dildarym, oýan!

Agzy gunça, dişleri dür, zülpi zunnarym oýan!

Bilbili-zaryn gelipdir, husny ruhsarym, oýan!

Al   ýaňakda käkiln-owsunçy şamarym, oýan!

Biz  gelende elmydama, ukuda.bimarym, oýan!


Dostg sözüge tut gulak, agýary pendin tutmagyl,

Şum rakyp, pitnelerni ukudan oýgatmagyl,

Özgelerge til  berýp  halym perişan etmegil,

Müň tümenlik hatyramny bir deremge satmagyl,

Ýüz elemeli janymga  jebri- sütemkärim, oýan!


Synada -hijranyň ody, gelmişem  men bu mahal,

Söwdügým- turgul ýeriňden, kylmagyl  hergiz haýal,

Patyşa sen, men geda, aşyklygym ruzy-ezel.

Keşt edip älem-jahan ; görmedim sen deý gözel,

Ala gözli, şowhy sözli, toty güftarym, oýan!


Saçlaryn. welleýli ermiş ýüzleriňdir wazzyha, .

Tilleriň ýasyny-taha, iki älemge baha,

Nuktaýy-halyň ýüzünde misli zeýn-essema,

Dilbera, koýnuň seniň ählen we sählen merhaba!

Kamaty zyba tewilen äksi-enwarym, oýan!


Zöhre jan, sensiz bu pany dünýä zyndandyr maňa,

Bir mübärek ýüzleriň görsem, ne armandyr maňa!

Bu perişan halymy kim görse, haýrandyr maňa!

Men seniň köýüňde köýsem, günde döwrandyr maňa,

Tahyryň halyn görüp, indi eşit zarym, oýan!