Bahadyrlar, meni ýollaň ýoluma,
										Arzym  budur, söwer  ýara  ýetişsem.
										Aşyk menem, rähm eýläňiz halymýa,
										Mysapyram, bir diýara ýetişsem.
										
										Ýar didaryn  istäp galmyşam derde,
										Merdana aşykmen, duşmuşam merde,
										Ýedi ýyl bolupdyr wadaly ýerde,
										Zöhräm bilen bir ykrara  ýetişsem.
										
										Bir garybam aýralygyň dagynda,
										Sergerdan gezermen ýar soragynda,     
										Bilbil erdim  bir dilberiň bagynda.
										Höwesim köp ol gülzara ýetişsem.
										
										Kyrk böri siz, ady äleme dolan,
										Niçe duşmanlary derbe-der  kylan,
										Zöhre jan diýip, söweş etsem şa bilen
										Häzir boluň, oşol käre ýetişsem.
										
										Tahyr diýer, pida kyldym bu jany,
										Başym bolsun Zöhre janyň gurbany,
										Dünýä gelen çeker çoh-çoh armany,
										Armanym ýok, ol nigara  ýetişsem,