Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BEÝAN   EÝLÄÝIN

BEÝAN   EÝLÄÝIN


Mahym jan, arzymny beýan eýläýin,

Bir göwheri-şamçyragdan aýryldym.

Bagy-meýdan içre saýran eýläýin,

Ýar ýurdunda şähr-otagdan aýryldym.


Bahar bolsa, gyzyl güller açylar,

Müşki-anbar çar tarapa saçylar,

Meýhanada gülgün şerap içiler,

Meý mest olup gezen çagdan aýryldym.


Çarwalary sähralarda gezerler,

Gyz gelin garyşyp, nagma düzerler,

Ýigitleri  alma-nardan üzerler,

Eňňurly, injirli bagdan aýryldym.


Daglaryna çöker ebri-syýalar,

Jülgesinde gögär dürli giýalar,

Kepderi ýaýlagy, belent Gaýalar,

Tarlaň mesgen tutan dagdan aýryldym,


Tahyr diýr, sygyndym  piri-ussada,

Rakybyň  elinden gelmişem dada,

Meýlisi muhupbet, golunda bada —

Piýalalar sunan sagdan aýryldym.