Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

KANDADYR - KANDA?

KAN DADYR - KANDA?


Beg ogly, habar ber  bize ,

Zöhrw gyz kandadyr, kanda?

Mejnun  bolup,çykdym, düze,

Zöhre gyz kandadyr, kanda?


Pyrkatyňdan jepa çekip,

Gözümden ganly ýaş döküp,

Görebilmen, her ýan bakyp,

Zöhr jan kandadyr, kanda?


Gözümi girýan eýlegin,

Aklymy haýran eýlegen,

Gara bagrym gan eýlegen,

Zöhre jan kandadyr, kanda?


Terk etdim dünýäniň baryn,

Dünýäge bermen bir taryn,

Koýdüm, görmeýin didaryn,

Zöhre jan kandadyr, kanda?'.


Başgaň oduna ýanmasmen, .

Ölsem ýoluňdan donmesmen,

Rastyň diýgil,  ynanmasmen!  

Zöhre jan kandadyr, kanda?


Dokuz aýlyk ýoldan geldim,

Hyzyr bile hemra  boldum,

Tahyr diýer, görmän galdym,

Zöhre jan kandadyr, kanda?