Ýedi ýyl çekdim pyrkatyň, .
Zöhre janym, oýanmazmyň?
Içdim aýralyk şerbetin,
Wysal meýinden ganmazmyň?
Belent-belent daglar aşyp,
Ýowuz günlerge ulaşyp,
Bu gün geldim, ýolum düşüp,
Sagdan-sola dolanmazmyň?
Dembe-demden geler
Kylgaly myradym hasyl,
Iki aşyk boldy wasyl,
Rahmet meýinden ganmazmyň?
Sen diýp Bagdatdan gelermen,
Kä sargaryp, kä solarmen, .
Bu gün gelsem, erte ölermen,
Bir gün ömre guwanmazmyň?
Uzakdan geldim ýatmana,
Şirin lebiňden datmana,
Gözüm gyýmaz oýatmana,
Özüň bilip, oýanmazmyň?
Köýen, köp yşkyň derdine,
Kim ýetipdir myradyna?. . .
Tahyryň ýanan oduna,
Zöhre jan, sen hem ýanmazmň?!