Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

EÝLÄÝIN

EÝLÄÝIN


Ýürekde bar ýuz müň derdim,

Men niçik derman eýläýin!

Taňry işine ten berdim,

Arman-ýüz arman eýläýin!


Men hem dökermen ganymy,

Istäň tapmaz nyşanymy,

Ýar üçin şirin janymy,

Merdudy-jahan eýläýin!


Ýetişdi ajal leşgeri,

Men neýläýin simu-zeri,

Synamga urup hanjary,

Gara bagrym gan eýläýan!


Barsam ýarym ýatan ýere,

Synamga salarmen ýara,

Goşulyp Zöhre, Tahyra,

Men hem çoh döwran eýläýin!


Ýar eşitsin pyganymy,

Terk edem hanymanymy,

Azyz ten, şirin janymy,

Ýaryma myhman eýläýin!


Mahym diýer, yşk elinde,

Saýraýyrmen ýar gülünde,

Men hem aşyklar ýolunda.

Başymny gurbar eýläýin !