Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

NE  BOLDY

NE BOLDY?


Zöhre jan, arzym bar, nedir günähim,

Hallarymdan habar alsaň, ne boldy?

Maňa rähm-eýledi keremli şahym,

Bu halymdan habar alsaň, ne boldy?


Men seniň yşkynda gaýnaýyp daşyp,

Sen gezersen rakyplara baş goşup,

Agýardan  aýrylyp, hylwatda duşup,

Ak goluň boýnuma salsaň, ne boldy?


Men aşygam seniň kibi jenana,

Günde ýüz örtärsen kast  edip jana,

Gaşyňdan kowlarsen eýläp bahana,

Ataň beren pendin alsaň, ne boldy?


Laçyn dek delmürip, Her ýana bakyp,

Käkiliň şanalap,  kaddyňa  döküp,

Gyzlara baş bolup, seýrana çykyp,

Gaşymda oýnaýyp gülseň, ne boldy?


Tahyryň gitdi diýp, dile getirme,

Hoş günüňi hesret bile ötürme,

Gara geýip, gamgyn bolup oturma,

Garanyň yhlasyn bilseň, ne boldy?